Ï Läle Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini gaýtaryp aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini gaýtaryp aldy

view-icon 153
Läle Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini gaýtaryp aldy
camera-icon
TKF

FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bu üstünlige Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda ýeňiş gazanyp ýetdi.

Çempionlyk ugrunda iň güýçli küştçi zenanlaryň sekizisi iki aýlawda özara bäsleşdiler. Läle Şöhradowa (görkezijisi – 2109) ýaryşy ynamly dowam edip, ýurdumyzyň zenanlar toparynda ýokary derejesini tassyklady. Ol mümkin bolan 14 utukdan 11,5 utuk toplap, ikinji orny eýelän geçen ýylky ýurdumyzyň çempiony, Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jahan Rejepowadan (görkezijisi – 2051) 3,5 utuk öňe saýlandy. Baýrakly üçlügi 7,5 utuk bilen Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, 16 ýaşly Mähri Agamyradowa (görkezijisi – 1926) jemledi.

Läle Şöhradowa 5 ýaşynda küşt oýnap başlady. Eýýäm 9 ýaşynda bolsa ol Tailandda geçirilen dünýä birinjiliginde öz ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony boldy. 12 ýaşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Batumide geçirilen 2018-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasynda ilkinji gezek çykyş etdi. 14 ýaşynda 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda milli tituly gazandy. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Läle rapid (küştüň çalt oýnalýan görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy, 2023-nji ýylyň fewralynda bolsa zenanlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça ilkinji gezek bu ada mynasyp boldy. Indi bolsa ol Türkmenistanyň iki gezek çempiony boldy.

Mekdep ýyllarynda Türkmenabatda Läle Şöhradowa tälimçi Gülhan Gurbandurdyýewanyň elinde küşt bilen meşgullanan bolsa, häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Kümüş medalyň eýesi Jahan Rejepowa we bürünç baýragyň eýesi Mähri Agamyradowa Güljahan Öwlüýägulyýewanyň elinde türgenleşýärler.

2026-njy ýylyň ýurdumyzyň çempionatynyň jemleri boýunça ähli baýrakçylar, şeýle hem 7 utuk bilen 4-nji orny eýelän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa (görkezijisi – 1906) Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda oýnamaga hukuk gazandylar. Bulardan başga-da, FIDE-niň iň ýokary görkezijisi boýunça Läläniň dogany Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa (görkezijisi – 2183) ýygyndy toparyň düzümine girdi. Ol şu ýyl erkekleriň arasyndaky açyk derejede çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Çempionatda Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy, 12 ýaşly Dilber Hupbyýewanyň (görkezijisi – 1916) çykyşy aýratyn ünsi çekýär. Ol 6,5 utuk toplap, öňde goýan maksadyna – ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysyna girmäge örän golaý geldi. Ýaş küştçi has tejribeli bäsdeşleri bilen deň derejede oýnap, hakyky kämil we ynamly oýun görkezdi.