Ï Türkmenistanda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar

view-icon 111
Türkmenistanda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanda bahar paslynyň ilkinji günleri ýagyşly we aram salkyn howa bilen başlanar. Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagyşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar.

Aşgabatda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +6...+8 gradusdan +15...+17 gradusa çenli, gijelerine +2...+4 gradusdan +5...+7 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +5...+10 gradusdan +15...+20 gradusa çenli, gijelerine –1...+4 gradusdan +3...+8 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +12...+17 gradus, gijelerine 0...+5 gradusdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +8...+13 gradusdan +15...+20 gradusa çenli, gijelerine 0...+5 gradusdan +3...+8 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +7...+12 gradusdan +14...+19 gradusa çenli, gijelerine –2...+3 gradusdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +2...+7 gradusdan +9...+14 gradusa çenli, gijelerine –6... –1 gradusdan +0...+5 gradusa çenli maýyl bolar. Käbir ýerlerde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy mümkin.