Ï Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany

view-icon 120
Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany

Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.

Türkmen halky köptaraply medeni mirasyň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hem-de türkmen atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygynyň, gözelliginiň gaýtalanmajak nyşanydyr. Türkmen bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy göreni özüne bendi edýär. Türkmen halky bedew atyny kalbynyň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna deňäp ezizleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi» diýlip bellenilýär. Bu çuň manyly setirlerde ahalteke bedewi ýaly belent sungat eseriniň döredilmeginde halk seçgiçileriniň we türkmen seýisleriniň irginsiz zähmeti şöhlelendirilýär.