Ï Albert Žalilow: – Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Albert Žalilow: – Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar

view-icon 146
Albert Žalilow: – Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň paýtagty wokal sungatynyň belent owazly gurşawyna girdi. 3-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hakyky baýramçylyk sowgadyna öwrülen konsertleriň ikisi boldy. Baýramçylyk konsertleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy.

Görnükli ussatlary bir sahnada jemlän sazly agşam halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşanyna öwrüldi. Aşgabatly diňleýjileriň öňünde ýörite myhman Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Žalilow Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen çykyş etdi.

Konsert ençeme nesilleriň söýüp diňleýän saz eserlerine baý boldy. Sahnada Gara Seýitliýewiň sözlerine Rejep Gutlyýewiň ýazan eserleri, şeýle hem rus nusgawy sazlarynyň altyn gaznasyndan Aleksandra Pahmutowanyň, Ýewgeniý Doganyň, Raýmond Paulsuň, Arno Babajanýanyň we Georgiý Portnowyň eserleri ýaňlandy.

Konsertden soňra Albert Žalilow özünde galan täsirleri «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy. Artist türkmen paýtagtynyň özboluşly ruhunyň bardygyny aýratyn belledi.

«Men Türkmenistana eýýäm ikinji gezek gelýärin, her gezek meni diňleýjiler günorta halkyna mahsus bolan gyzgyn mähir bilen garşylaýarlar. Özüm Astrahanda doguldym we şonuň üçin diňleýjiler bilen aramyzda bada-bat özara düşünişmek emele gelýär. Men döredijilige özümi doly bagyşlaýaryn, tomaşaçylar hem muňa şol derejede jogap berýärler, bu ajaýyp duýgudyr» diýip, aýdymçy aýtdy.

Artist çykyş etmek üçin teatryň örän oňaýlydygyny, zalyň gerimlidigine garamazdan, türkmen halkyna mahsus mähir ýylylygy saklaýandygyny nygtady. Myhmanyň kalbynda türkmen medeniýeti aýratyn orun eýeledi. Žalilowyň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine baryp görmegi onuň üçin möhüm waka boldy.

«Magtymguly Pyragy çuňňur akyldar we türkmen dünýägaraýşynyň nyşanydyr. Onuň şygyrlarynda Gündogaryň hakyky ruhy jemlenipdir. Akyldarlar pikirlerini göni aýtmaýarlar, olar seni çuňňur oýlanmalaryň üsti bilen alyp gidip, öz ýoluňy tapmaga mümkinçilik berýärler. Döredijilik adamy hökmünde meniň üçin bu beýik şahyr gaty gymmatlydyr» diýip, myhman gürrüň berdi.

Konsert tomaşaçylaryň ýadynda diňe bir wokal çykyşlary bilen däl-de, eýsem beýik şahsyýetleriň öz magşuklaryna ýazan hatlarynyň çeper okaýyşlary bilen hem galdy. Artistiň pikiriçe, häzirki döwürdäki ýokary tehnologiýalar zamanasynda zenanlar üçin janly sözleri eşitmek has-da ähmiýetlidir.

«Her bir erkek adamyň öz ylhamy bar. Men erkek kişileriň öz enelerine, aýallaryna we gyzlaryna has ýygy-ýygydan goşgy ýazmaklaryny isleýärin. Biziň durmuşymyzda mähirlilik bolmaly, sebäbi zenanlar şoňa hem garaşýarlar» diýip, Albert Žalilow nygtady.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň ähli zenanlaryna özüniň mähirli arzuwlaryny ýollap, olara maşgala abadançylygyny, asmanyň hemişe arassa bolmagyny hem-de bagt arzuw etdi.