2026-njy ýylyň 24-nji marty – 2-nji apreli aralygynda Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk sapary guralýar.
Okuwda ýa-da hünär işinde uly üstünlikler gazanan, 15 – 29 ýaş aralygyndaky zehinli türkmen ýaşlary bu wekiliýetiň agzasy bolmak üçin täsin mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.
Maksatnama gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň 5-nji martyna çenli rezýume we pasportyň nusgasyny diplomatik wekilhananyň com.ashgabat@mea.gov.in elektron salgysyna ibermek zerurdyr.
Guraýjylar halkara awiapetegi, ýaşajak ýeri, iýmit we ýurduň içindäki ulag çykdajylaryny doly öz üstüne alýarlar.

Hindistan gadymy siwilizasiýalaryň ojagy we asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlaryň häzirki zaman durmuşy bilen utgaşyp gidýän, örän baý medeniýetli döwleti hasaplanýar. Köp milletli gurşawa aralaşmak iňlis dili boýunça bilimleri iş ýüzünde ulanmaga, şeýle hem sebitiň özboluşly milli aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Maksatnama gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, umumy gymmatlyklary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de hünär we şahsy dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik alarlar.
Ýaşlaryň yzygiderli alyş-çalşygyny guramak baradaky başlangyç 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde resmi taýdan makullanyldy. Bu başlangyç döwlet Baştutanlarynyň Aziýa sebitleriniň ýaş nesilleriniň arasynda göni dialogy berkitmek baradaky ymtylmalarynyň netijesi boldy. Taslama halkara diplomatiýasynyň ygtybarly guraly bolup hyzmat etmek bilen, ýaşlara halklaryň arasyndaky taryhy baglanyşyklary has gowy öwrenmäge we dostluk hem-de özara hormat goýmak esasynda bilelikdäki geljegi gurmaga ýardam edýär.