Ï Türkmenabat abatlaýyş zawodynyň ýokary zähmet görkezijileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabat abatlaýyş zawodynyň ýokary zähmet görkezijileri

view-icon 317
Türkmenabat abatlaýyş zawodynyň ýokary zähmet görkezijileri

Dünýäniň belli kompaniýalaryndan ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň güýjünden agrotehniki kadalara laýyklykda netijeli peýdalanylmagy ýerden bol hasyl almakda, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň işgärleri üçin bosagada duran örän jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişi hem-de ýakynlaşyp gelýän bugdaý oragy möwsüminde, şeýle hem ýaşyl maýsalara we gowaçalara ideg etmekde işledilýän kuwwatly tehnikalaryň, ekijileriň, tirkeg gurallarynyň, kombaýnlaryň bökdençsiz işlemeklerini üpjün etmek maksady bilen olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň goruny döretmek zerur bolup durýar. Ynha, şu maksat bilen «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat abatlaýyş zawodynda oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk, şeýle hem dikeltmek işleri kadaly ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, ýagny, polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ätiýaçlyk şaýlarynyň 150-den gowrak görnüşi ýasalyp, olar hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Bu kärhananyň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri döredijilikli gözlegleriň we işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň» ýylynyň ýanwar-fewral aýlary üçin meýilnamasyny 102 göterim amal etmekligiň hötdesinden geldiler. Üstümizdäki ýylyň başky iki aýynda kärhana boýunça geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgininiň hem artygy bilen ýerine ýetirilendigini belläp geçmek bolar. Bu kärhanada şu ýylyň degişli iki aýynda pagta we däne ýygyjy kombaýnlaryň, pagta we galla ekiji gurallaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň 9 müň 300-den gowragynyň ýasalandygyny aýdyp geçmek hem buýsançlydyr.

Kärhanada öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary oba hojalyk tehnikalaryndan başga-da «Gallaönümleri», pagta arassalaýjy kärhanalaryna, şeýle hem «Azyk» önümçilik birleşigine hem iberilýär. Bu kärhananyň diňe bir Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamy üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň oba hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli kärhanalaryň, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň buýurmalary esasynda ätiýaçlyk şaýlarynyň dürli görnüşleriniň ýasalýandygyny hem aýdyp geçmek möhümdir.