Ï «Zürýada hyzmat» ýylyň ähli paslynda ilata göreldeli hyzmat edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Zürýada hyzmat» ýylyň ähli paslynda ilata göreldeli hyzmat edýär

view-icon 254
«Zürýada hyzmat» ýylyň ähli paslynda ilata göreldeli hyzmat edýär

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her iş gününi Diýarymyzyň işewür telekeçileri maksada laýyk ösüşlere besleýärler. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan önümçilik düzümleriniň gazanýan guwandyryjy zähmet görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär.

Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň, şeýle-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli alyp barýarlar. «Dam-dam» ady bilen öndürilýän datly içgiler bu günki gün ýokary hil derejesi, tebigy taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Teşneligiňi gandyrýan dürli görnüşli bu datly içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan kämil tehnologik enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi netijesinde öndürilýär. Olara kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň 50-den gowragy ussatlyk bilen erk edýärler.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty-da gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň hem 15 million litrini öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem ygtybarly mümkinçilikden ýerlikli peýdalanýan tejribeli hünärmenler geçen ýyly hem üstünlikli jemlediler. Kärhanada sarp edijileriň yzygiderli artýan islegleri döwrebap derejede kanagatlandyrlyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe hem gazlandyrylan alkogolsyz içgiler, şeýle-de gaplanan agyz suwy meýilnamada bellenilenden artyk öndürildi.

Öňdebaryjy kärhananyň önümçilik bölümlerine suw welaýatyň Bereket etrabynyň Ýasga ýerasty kölünden ýörite geçirijiler arkaly getirilýär. Şeýlelikde, gelip gowuşýan agyz suwy ýokary hilli süzgüçlerde iki tapgyrda talabalaýyk arassalanyp, ýene barlaghana gözegçiliginden geçirilýär. Munuň özi, çig malyň ekologiýa taýdan arassalygyny, medeni-durmuş maksatlary üçin ygtybarly çeşmedigini şertlendirýär. Soňra ýöriteleşdirilen göwrümli gaplarda ýerleşdirilen tebigy agyz suwy kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen gazlandyrylýar hem-de hoşboý ys, tagam beriji şireler goşulýar. Taýýar görnüşe getirilen önümleri 0,5, 1, 1,5, 5 we 20 litrlik göwrümlerdäki gaplara gaplamak işlerem önümçiligiň awtomatlaşdyrylan usulynda amala aşyrylýar.

Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynda içgileri gaplamak üçin zerur bolan polietilen gaplaryň çig maly kärhananyň degişli önümhanasynda gaýtadan işlenilýär. Öndürilýän önümlere-de gündelik islegler barha artýar.