Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary ýerlere agrotehnikanyň talaplary esasynda göwnejaý hyzmat edýärler. Welaýat möçberinde olar öňde duran ekiş möwsüminde uzaklara ýaýylyp gidýän 13 müň gektar ýerde gowaça ekişini guramaçylykly geçirip, şu ýyl ondan 16 müň tonna bereketli hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Bu ugurda welaýatyň oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda ýetip gelýän gowaça ekişi mynasybetli berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, zähmet depginlerini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Şu günlerde bolsa möhüm möwsüme taýýarlygyň çäklerinde gyzgalaňly dowam edýän işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da işjeňlik görkezýärler. Has takygy, birleşigiň Gyzylarbat, Bereket etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanalary tarapyndan kuwwatly tehnikalary gowaça ekişine taýýarlamakda maksadalaýyk işler bitirilýär. Ýeri gelende aýtsak, olar welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplary boýunça üstümizdäki ýylyň hasyly üçin şu ýazda gowaça ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek, joýa we geriş çekmek işlerini irki möhletlerde üstünlikli tamamladylar. Welaýatyň ekin meýdanlarynyň suwaryş ulgamlary-da arassalanyp, nobatdaky möwsüme ygtybarly derejede taýýar edildi. Şeýle-de Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, köp hasyl berýän gowaça tohumlary saýlanyp alyndy.

Ýokary zähmet joşgunynda dowam edýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki hoştap howaly, ýagyş-ýagmyrly ýaz möwsüminde hem balkanly oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlaslary üstünliklere beslenýär. Bu bolsa olaryň öňde duran gowaça ekişini gysga möhletlerde ýokary hilli geçirmek babatdaky tagallalarynyň ýerine düşjekdigine şaýatlyk edýär. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda welaýatda ekiş möwsümine ekijileriň 35-si, hatarara bejerijileriň 117-si deslapdan abatlanylyp, taýýarlyk hataryna doly çykaryldy. Ýerlerdäki dürli kysymly kuwwatly tehnikalaryň hemmesi-de ussat, tejribeli hünärmenler tarapyndan pugta gözden geçirildi.
«Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginde, onuň etraplardaky kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek üçin öňüni alyş çäreleri-de görüldi. Şonuň ýaly-da jogapkärli ekiş möwsüminiň dowamynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary işlär. Düzüminde abatlaýjylar, mehanikler, degişli hünärmenler bolan toparlar möwsümde ýüze çykaýjak käbir näsazlyklary dessine düzederler. Munuň özi, ekiş möwsüminiň agrotehniki möhletlerde ýokary hil derejesinde geçirilmegini üpjün eder.
