Ï Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat

view-icon 143
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat

Hepdäniň birinji ýarymynda ýurdumyzda ýagyşly we şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Gijelerine howa sowar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +4...+6 gradusdan +13...+15 gradusa çenli, gijelerine –2...–4 gradus sowukdan +3...+5 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň dowamynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.

Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0...+5 gradusdan +11...+16 gradusa çenli, gijelerine bolsa 1...–6 gradus sowukdan +2...+7 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda ala bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10...+15 gradus, gijelerine 0...–5 gradus sowukdan +2...+7 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +1...+6 gradusdan +10...+15 gradusa çenli, gijelerine –2...–7 gradus sowukdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0...+5 gradusdan +15...+20 gradusa çenli, gijelerine –3...–8 gradus sowukdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0...–5 gradus sowukdan +7...+12 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa –5...–10 gradus sowukdan 0...+5 gradusa çenli maýyl bolar. Käbir ýerlerde gar gatyşykly ýagyş ýagar diýlip çak edilýär.