Ï Türkmen we britan ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn diplomlaryň maksatnamalaryny işe girizmegi maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we britan ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn diplomlaryň maksatnamalaryny işe girizmegi maslahatlaşdylar

view-icon 132
Türkmen we britan ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn diplomlaryň maksatnamalaryny işe girizmegi maslahatlaşdylar

Londona iş saparynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.

«2+2» we «1+1» görnüşlerinde ikitaraplaýyn diplomlaryň maksatnamalaryny döretmek boýunça anyk çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy duşuşygyň esasy netijesi boldy.

Taraplar bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar, şeýle hem möhüm ugurlar boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny, gysga möhletli tomusky mekdepleri we bilelikdäki onlaýn okuwlary işe girizmek barada ylalaşdylar. Akademiki iňlis dilini okatmakda tejribeleriň alşylmagyna hem-de täze bilim usulyýetleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar diplomatik ýollar arkaly resmi ylalaşyklary taýýarlamak barada ylalaşyga geldiler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylyp Westminster uniwersitetinde geçirilen halkara maslahat saparyň möhüm wakasy boldy. HYYweÖU-nyň wekilleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatyna degişli çykyş etdiler, şeýle hem bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdiler.

Londona iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary britan uniwersitetiniň Rijent-strit we Merilebon-stritdäki baş binalar toplumyna baryp görüp, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň häzirki zaman ylmy-barlag merkezleriniň, kitaphanalarynyň hem-de barlaghanalarynyň işleri bilen tanyşdylar.

Bu duşuşyklarda taraplar amaly häsiýetli özara hereket edilmegine ünsi çekdiler. Britaniýaly kärdeşler HYYweÖU-nyň talyplaryny Londona gysga möhletli okuw saparlaryna gatnaşmaga çagyrdylar, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlary temalary boýunça bilelikdäki onlaýn okuwlary geçirmegi teklip etdiler. Munuň özi talyplara tejribe alyşmaga we okatmagyň döwrebap usulyýetlerini özleşdirmäge mümkinçilik berer.