2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, degişli döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem, iki ýurduň arasynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmek boýunça bilelikdäki işleriň zerurlygy nygtaldy.
Mundan başga-da, halkara guramalaryň çäginde hem-de sebit başlangyçlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.