Ï Tbiliside Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilmegi: medeniýetleriň we däp-dessurlaryň jebisligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tbiliside Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilmegi: medeniýetleriň we däp-dessurlaryň jebisligi

view-icon 167

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Tbilisi şäheriň taryhy merkezi bolan Abanotubanide, häkimligiň goldaw bermeginde hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň ilçihanalarynyň, diasporalaryň we medeni merkezleriň gatnaşmagynda Halkara Nowruz baýramy bellenildi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň milliligi bilen bezelen medeni zolagynda, bu ýere ýygnanan myhmanlary ýurduň medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny duýmaklary üçin mümkinçilik döredildi. Pawillionda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem milli lybaslar, şaý-sepler, elde dokalan nepis haly önümleri, surat şekilleri, sowgatlyklar, milli tagamlar we süýjülikler hödürlenildi, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýratyn burç gurnaldy.

Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Nowruzyň däpleri her bir milletiň özboluşlylygyny görkezip, halklaryň arasynda dostlugy, agzybirligi, parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmäge hyzmat edýär. Bu baýramçylyk döwürleriň aýrylmaz arabaglaşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny, umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň mizemezligini özünde jemleýän medeniýetara dialogynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Baýramçylyk çäresi milli aýdym-sazlara we tanslara beslenen konsert maksatnamasy bilen tamamlandy. Bu bolsa dabara gatnaşyjy myhmanlara baharyň şatlyk-şowhun duýgularyny peşgeş berdi.