Ï Türkmenistanyň wekilleri Kazanyň öňdebaryjy bilim IT-taslamalary bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Kazanyň öňdebaryjy bilim IT-taslamalary bilen tanyşdylar

view-icon 107
Türkmenistanyň wekilleri Kazanyň öňdebaryjy bilim IT-taslamalary bilen tanyşdylar

IT-tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy bilim tejribeleri bilen tanyşmak, bu ugurda öwrenmek we tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan şäherinde iş saparynda boldy.

Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenleri bar.

Kazan şäherine bolan saparyň maksatnamasynyň esasy bölegi «Sberbank» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howandarlygynda işleýän programmirlemegiň we sanly tehnologiýalaryň innowasion mekdebi bolan «Mekdep 21»-e baryp görmekden ybarat boldy.

Türkmen myhmanlary mekdebiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Bu okuw ojagynyň bilim modeli «peer-to-peer» («deň-deňe») usulyýetine hem-de amalyýete gönükdirilen çemeleşmä esaslanýar. Bu usulda okuwçylar bilelikdäki iş we hakyky taslamalary ýerine ýetirmek arkaly programmirleme endiklerini özleşdirýärler. «Sberbank» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu taslamasy sanly ykdysadyýetiň hünärmenler mümkinçiligini ösdürmäge we iň köp isleg bildirilýän IT-hünärmenlerini taýýarlamaga gönükdirilendir.

Mekdebiň kampusynyň çäginde türkmen wekilleri «Ýokary hünärli IT-hünärmenleri – bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň we öňürdýän ösüşiň esasy faktorydyr» diýen mowzukda geçirilen strategiýa sessiýasyna gatnaşdylar.

«Mekdep 21» bilim taslamasynyň ýolbaşçysy Ý.Werşinina öz çykyşynda maglumat tehnologiýalary ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň innowasion modelini durmuşa geçirmegiň tejribesi barada durup geçdi. Hasabatda taslamanyň bilim konsepsiýasynyň özenini düzýän esasy çemeleşmeler, şeýle hem onuň sanly ykdysadyýetiň döwrebap işgärler binýadyny kemala getirmekdäki orny beýan edildi.

Soňra türkmen tarapynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky üstünlikli tejribeleri barada gürrüň berildi. Ýurdumyzyň hünär bilim ulgamynyň döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny okuw wezipelerine ornaşdyrmak bilen, sanlylaşdyrmak babatda uly ösüşleri görkezýändigi bellenildi. Sanly okuw serişdelerine elýeterliligi üpjün edýän we okatmagyň uzak aralykdaky görnüşlerini ösdürmäge ýardam edýän elektron bilim meýdançalarynyň giňden ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti sebitiň öňdebaryjy innowasiýa merkezleriniň biri bolan Başir Rameýew adyndaky Tehnoparka baryp gördi. Türkmenistandan gelen myhmanlar tehnoparkyň rezidentleri tarapyndan amala aşyrylýan döwrebap taslamalar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem onuň ylmy-tehniki mümkinçiliklerine baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Taraplar tehnoparkyň bilim alyşmak, innowasiýalary höweslendirmek we ylym-tehnologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetiň agzalary «Mekdep 21»-iň öňdebaryjy bilim tejribelerini we Başir Rameýew adyndaky Tehnoparkyň mümkinçiliklerini, şeýle hem olaryň bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýet üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakdaky ähmiýetini bellediler. Taraplar tejribe alşylmagyna we tehnologik ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýan innowasion taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Türkmen wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan sapary iki ýurduň IT we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we berkitmekde möhüm ädim boldy.