«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň hasyl ussatlary ak ekinleriň idegini talabalaýyk alyp barýarlar. Oba zähmetkeşleri şanly ýylyň öňümizdäki orak möwsüminde belent sepgitleri eýeläp, tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümleriň bolçulygyny döretmegi baş maksat edinýärler.
Şu günlerde hem Günbatar sebitiň ak ekin meýdanlarynda geçen güýzde ekilen, wagtynda oňat gögeriş alnan bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ekinlere ösüş suwuny tutmak, mineral we organiki dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri guramaçylykly amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan satyn alnyp berlen kuwwatly tehnikalar, tirkeg gurallary, şeýle-de önümçilige ornaşdyrylan sanly ulgam we telematik usul işleriň ýokary hilli we netijeli bolmagyny şertlendirýär.
Balkanly daýhanlar geçen ýyllar hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatyň oba hojalykçylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ýokary önümçilik görkezijilerini eýeläp, 50 müň gektar ýerden jemi 80 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap almaklygy meýilleşdirýärler. Munuň üçin balkanly daýhanlar bahar paslynyň hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, geljekki hasylyň binýadyny mäkäm tutýarlar.
Bu işler welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda has-da göwnejaý ýola goýlupdyr. Ekin dolanyşygyndaky ýerleriň haşal otlardan arassaçylygyna-da aýratyn üns berilýär. Şonuň ýaly-da meýdanlarda deslapdan taýýarlanylan gerbosidler kadaly ulanylýar.
Möwsümleýin işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky zähmet toparlary-da öndürijilikli işleýärler. Olaryň ýadawsyz tagallalary netijesinde önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynyň ýörite derman pürküji tehnikalary we enjamlary netijeli işledilýär.