Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň gün tertibinde halkara maliýe edaralary bilen gatnaşyklary berkitmek esasy meseleleriň biri boldy. Wise-premýer we daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi.
Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ÝTÖB-niň goldawy bilen eýýäm 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi we hyzmatdaşlygyň indiki tapgyry nobatdaky ädimleri göz öňünde tutýar.
Hususan-da, döwlet we hususy pudaklara maýa goýumlaryny çekmek üçin esas bolup hyzmat etjek, Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak boýunça teklipler berildi. Bilelikdäki taslamalary utgaşdyrmak üçin ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet pudaklarynyň wekillerinden ybarat iş topary dörediler.
Mundan başga-da, ulag we logistika ulgamynda, hususan-da, demir ýollaryny we awtoýollaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek taslamalaryny durmuşa geçirmekde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.
«Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýakyn geljekde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen gepleşikleri geçirmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.
Şu maksat bilen, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky özara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin teklip edilýän ugurlary makullap, wise-premýere bu meseleler boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.