Ï Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy

view-icon 166
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) ştab-kwartirasyna okuw saparyny amala aşyrmak maksady bilen Ženewa şäherine boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Saparyň çäklerinde türkmen wekilleri HZG-niň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda durmuş ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasy bilen özara gatnaşyklara, şol sanda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Saparyň maksatnamasy HZG-niň işi, onuň gurluşy we iş mehanizmleri, şeýle hem guramanyň ştab-kwartirasynyň bölümleriniň işi bilen tanyşmagy öz içine aldy.