Ï Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi

view-icon 151
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Läle Rzagulyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan rus dili boýunça «ÝaRus» XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi.

Uzak aralykdan gatnaşmak boýunça geçirilen olimpiadanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üç ugurlar: ynsanperwer we ynsanperwer däl ugurlary boýunça rus talyplary hem-de daşary ýurtly talyplar bäsleşdiler. Gatnaşyjylaryň her topary üçin ýumuşlar aýry-aýry taýýarlanyldy.

Läle Rzagulyýewanyň üstünlikli çykyş etmegindäki daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hataryndakylar üçin ýumuşlar birnäçe tapgyrlary özünde jemläp, rus diline erk edip bilişiňe toplumlaýyn baha bermäge mümkinçilik berdi. Daşary ýurtly talyplar leksika, grammatika hem-de fonetika boýunça ýumuşlary ýerine ýetirip, rus sözleriniň düzülişine we aýdylyşyna çuňňur düşünýändiklerini görkezdiler.

Umuman, olimpiadanyň ýumuşlary özboluşly häsiýete eýe boldy hem-de oňa gatnaşyjylardan diňe bir rus dilini bilmegi däl, eýsem, ukyp-başarnygy, döredijilikli çemeleşmäni, dürli çeşmeler bilen işlemek başarnygyny, neýroulgamlary hem-de emeli aňyň beýleki gurallaryny ulanmagy talap etdi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça eminler türkmen bäsleşiji gyzyň rus dili boýunça bilim we taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny bellediler. Läle bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna ynamly girdi hem-de I derejeli diplom bilen sylaglanyldy. Üç ugurlar boýunça gatnaşyjylaryň arasynda I orunlaryň jemi bary-ýogy 7 sany eýeleriniň kesgitlenilendigini bellemek gerek. Şolaryň birini ýurdumyzyň talybyna almak başartdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýene-de bir wekili olimpiadanyň baýrak eýeleriniň hataryna girdi. Ol häzirki wagt Russiýa Federasiýasynyň Günorta – Ural döwlet uniwersitetinde okaýan Dildora Bahtiýorowadyr. Biziň bu ildeşimiz hem «Daşary ýurtly talyplar» ugry boýunça üstünlikli çykyş etdi hem-de abraýly bäsleşikde II orny mynasyp eýeledi.

«ÝaRus» intellektual bäsleşigi Russiýanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 40-syndan ynsanperwer we ynsanperwer däl ugurlarynyň talyplarynyň 320-sini, şeýle hem ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň 31 ýurtlaryndan uniwersitetleriň 53-sinden talyplaryň 159-syny bir ýere jemledi.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, şu ýyl daşary ýurtly gatnaşyjylaryň has köp sanlysyna Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Ekwador we Hytaý wekilçilik etdiler.