Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer

view-icon 108
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirer.

Makroykdysadyýet boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýär. Her ýokary okuw mekdepden talyplaryň taýýarlyk ugruna garamazdan olaryň dördüsi gatnaşmaga çagyrylýar.

Makroykdysadyýet boýunça olimpiada 10-njy aprelde ýokary okuw mekdebiň sanly platformasynda geçiriler. Gatnaşjaklary bellige almak 1-nji aprele çenli dowam eder.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylar üçin ýumuşlaryň 10-sy taýýarlanylyp, olary çözmäge 120 minut wagt beriler.

Eminleriň düzümine ylym-bilim edaralarynyň wekilleri we gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girer.

Ýüztutmany bermek üçin gatnaşjaklar hakynda tassyklanan görnüşdäki maglumatlar guramaçylyk toparyna tsiem.macro@gmail.com, aynabekiyewa9@gmail.com elektron salgysyna iberilmelidir.

24-nji aprelde institut «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly III halkara ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirer.

Foruma gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym toparlarynyň hem-de bilim ulgamynyň wekilleri çagyryldy.

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 bölümçeler boýunça geçiriler:

  • Maliýe bazarlary we durnukly ykdysady ösüş;
  • Maliýe bazarlarynyň ösüşinde banklaryň orny;
  • Maliýe bazarlary we maýa goýum işjeňligi.

Maslahatyň işine gatnaşmak isleýänler 10-njy aprele çenli ýüztutmany hem-de çykyşlaryň tezislerini tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Geçiriljek halkara çäreler türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barylar.

Olimpiada we maslahata gatnaşmak üçin ýüztutmany beýan etmegiň nusgasy, şeýle hem çäreler baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirilendir.

Guramaçylar bellenilen halkara çäreleriniň geçirilmeginiň oňa gatnaşyjylara özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri hem-de tejribeleri alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem köp babatda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli aragatnaşygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.