Ï Türkmenistan we ÝUNESKO bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we ÝUNESKO bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

view-icon 72
Türkmenistan we ÝUNESKO bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

25-nji martda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled Al-Enany, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini bilen duşuşyklary boldy.

Duşuşyklar Bilime gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylmagy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde geçirildi hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijelerine we geljegine bagyşlandy.

Türkmenistanyň bilim ministri bilelikde durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň milli bilim ulgamyny yzygiderli berkidýändigini hem-de onuň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagyna ýardam edýändigini nygtady.

ÝUNESKO-nyň Baş direktory Türkmenistanyň alyp barýan işine, ýokary hilli we elýeterli bilimi üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn hem-de geljege niýetlenilen özgertmeleriň häsiýetine, şeýle hem ýurduň DÖM-4-iň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Taraplar ýokary hilli bilime, bilim ulgamynyň sanly görnüşe özgerdilmegine deň elýeterliligi üpjün etmek, şeýle hem bilim işine emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» atly täze kafedrasyny açmagyň hem-de ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalar boýunça instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşykda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň, Assosirlenen mekdepleriň alyp barýan işleri hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki torlara gatnaşmaklary bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýokary baha berildi. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwrenýän şäherleriň Ählumumy toruna gatnaşýandygyny goşmak bilen birlikde, «Tutuş ömrüň dowamynda öwrenmek» başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bilim ministriniň ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary bilen bolan duşuşykda bilimi sanlylaşdyrmak, tutuş ömrüň dowamynda öwrenmek hem-de bilimde täze tehnologiýalary jogapkärçilikli ulanmak baradaky meseleler bilen birlikde, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de ýokary hilli, inklýuziw we geljege niýetlenilen bilimi öňe ilerletmekde guramanyň eýeleýän esasy ornuny nygtady.

Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimiň ösdürilişine, sanlylaşdyrmak işleriniň geçirilişine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlylygyna şaýatlyk edýän ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalaryna goşulmak hem-de bilim ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýurduň durmuşa geçirýän anyk çäreleri bellenildi.

Özgertmeleriň yzygiderli öňe ilerledilmeginde we häzirki zaman we bäsdeşlige ukyply bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda strategik ýörelgäni üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylarynyň eýeleýän uly orny aýratyn nygtaldy.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de bilim ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.