Şu günlerde Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň paýtagtynda bolýarlar. Ýewropaly diplomatlar paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik foruma gatnaşdylar. Çäre «Global Gateway» strategiýasyna, energetika, «ýaşyl ösüşe» hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyna gönükdirildi.
Saparyň dowamynda polşaly diplomatlar birnäçe iş duşuşyklaryny, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra myhmanlar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp, ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşdylar. Mihail Greçilo we Mateuş Borişýuk türkmen seljerijileri bilen geçirilen işewürlik hem-de dostlukly ýagdaýdaky söhbetdeşligiň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerini maslahatlaşdylar.
Bellenilip geçilmeli zatlaryň biri hem, institutyň hünärmenleriniň Türkmenistana birnäçe gezek gelen tejribeli polşaly diplomat Mihail Greçilo bilen bu ilkinji duşuşygy däldir. Türkmen tarapyndan söhbetdeşlige Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory, ilçi Şiri Şiriýew, hünärmenler Bekdurdy Amansaryýew we Orazgeldi Annabaýew gatnaşdylar.
Resmi çäreler tamamlanandan soň, polşaly diplomatlar Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.