26-njy martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň özgerdilmegine aýratyn üns berdiler. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa öz çykyşynda häzirki zaman geosyýasy şertlerinde sebitiň strategik ähmiýetini nygtady.
«Ählumumy söwda ýollarynyň ewolýusiýa şertlerinde Türkmenistanyň orny ep-esli ýokarlanýar. Ýurt Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky zynjyryň iň möhüm halkalarynyň birine öwrülýär» diýip, ilçi belledi.
Ýewropa Bileleşigi diňe bir söwdany giňeltmek däl-de, eýsem, düzümleýin döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermek meýlini hem tassyklady. Diplomatyň belleýşi ýaly, bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň bäsleşige ukyply maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça taslamasy esasy gural bolup hyzmat edýär.
Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Olaryň hatarynda amallary ýönekeýleşdirmek, işewürlik proseslerini kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy binýady gowulandyrmak, netijeliligiň kepili hökmünde häzirki zaman tehnologiýalaryna maýa goýumlaryny gönükdirmek, täze ykdysady şertlerde işlemek üçin hünär başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlary bar.
Beata Peksa geçen forumyň diňe bir duşuşyk meýdançasy bolman, eýsem, anyk maýa goýum taslamalaryna badalga bermäge gönükdirilen hereketleriň meýdançasydygyny aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, bu taslamalar diňe bir Türkmenistana we Ýewropa Bileleşigine däl, eýsem, goňşy sebitlere-de ykdysady bähbit getirer.
Şu nukdaýnazardan, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Ýewropa Bileleşiginiň adyndan hususy bölümi goldamak we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak arkaly durnukly hem-de gülläp ösýän geljegi bilelikde gurmaga gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi.