Ï Grodno şäherinde Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Grodno şäherinde Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi

view-icon 153

2026-njy ýylyň 26–27-nji martynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew Belarus Respublikasynyň Grodno oblastynda iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

2026-njy ýylyň 26-njy martynda bu oblastda ýerleşýän Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre gurnaldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Oňa uniwersitetde bilim alýan türkmen we beýleki daşary ýurtly talyplar hem-de professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Çäräniň öňüsyrasynda Grodno şäherinde ýerleşýän Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň baş binasynda Ilçi N.Şagulyýew bilen agzalan ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk gurnaldy. Duşuşykda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn tejribeleri öwrenmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra dabaraly çäräni Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň rektory I.F.Kiturko hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew giriş sözleri bilen açdylar.

Çäräniň dowamynda Ilçi N.Şagulyýew 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, şu ýylda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi dogrusynda çärä gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.

Çäräniň dowamynda agzalan uniwersitetiň türkmen talyplary tarapyndan Watanymyzy wasp edýän goşgulardan labyzly çeper okaýyşlar we aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Dabaranyň jemleýji pursatynda uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen aýratynlykda terbiýeçilik ähmiýetli maslahatlary bermek maksady bilen duşuşyk guraldy.

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Ilçi N.Şagulyýew Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň okuw binasy we ýokary okuw düzümi hem-de türkmen talyplarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy.