Ï Halkara matematika olimpiadasy jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara matematika olimpiadasy jemlendi

view-icon 101
Halkara matematika olimpiadasy jemlendi

24 – 28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iri halkara bilim bäsleşigi – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda VI Açyk matematika olimpiadasy (Open Mathematical Olympiad for University Students (OMOUS-2026)) geçirildi.

Ýokary bäsdeşlik şertlerinde geçen olimpiadada Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Wengriýanyň we Niderlandlaryň ýokary okuw mekdeplerinden matematika ukyply talyp ýaşlaryň 600-den gowragy özara bäsleşdiler.

Bäsleşikde «A» we «B» derejeleri boýunça çykyş eden talyplaryň 338-si şahsy görkezijide dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşiklerde bolsa jemi 34 medal gazanyldy.

Türkmen talyplary bu bäsleşikde uly üstünlikler gazanyp, iki dereje boýunça jemi 198 medala (33 altyn, 69 kümüş we 96 bürünç) mynasyp boldular. Şeýle hem türkmen ýaşlary toparlaýyn bäsleşikde ýene-de 13 medaly (2 altyn, 5 kümüş we 6 bürünç) özleriniň baýraklar goruna goşdular.

Özbegistandan gelen gatnaşyjylar hem uly rowaçlyklara eýe bolup, olar şahsy bäsleşiklerde 103 medala, toparlaýyn ýaryşda bolsa 10 medala mynasyp boldular.

Russiýaly talyplaryň şowly çykyşlary olara şahsy birinjilikde 14-si altyn bolan jemi 30 medal, şeýle hem olimpiadanyň toparlaýyn görnüşinde 7 medal getirdi.

Bäsleşikde Gresiýanyň, Niderlandlaryň, Germaniýanyň we Wengriýanyň talyplary hem tapawutlanyp, olar şahsy «B» derejesinde 1 altyn medala eýe boldular. Täjigistanly talyplar bolsa şahsy bäsleşigiň «A» derejesinde 1 altyn we toparlaýyn tapgyrda 1 bürünç medala mynasyp boldular.

Olimpiadanyň ýapylyş we sylaglamak dabarasynda ýeňijilere we baýrakly orunlara eýe bolanlara mynasyp bolan medallary hem-de diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda nygtalyşy ýaly, gatnaşyjylar okuw dersi boýunça taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny, çylşyrymly matematika meselelerini çözmekde kämil bilimlerini we ukyplaryny ynamly görkezdiler.

Talyplar we olaryň ýolbaşçy mugallymlary çäräniň ýokary derejede guralandygy, dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri we dostlary bilen duşuşmaga hem-de tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin, şeýle hem türkmen paýtagtynda mähirli garşylandyklary we Aşgabat şäheri boýunça guralan ýatdan çykmajak gezelençler üçin guramaçylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Her ýyl geçirilýän bu matematika olimpiadasy ähli gatnaşyjylar üçin aýdyň we ýatdan çykarmajak waka öwrüldi. Bu halkara bilim bäsleşigi türkmen halkynyň açyklygyny we myhmansöýerligini ýene bir gezek subut edip, ýurdumyzyň ynamly hem-de parahatçylyk söýüjilikli gepleşiklere, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady.