Ï Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 353

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Taraplar iki ýurduň halkara meýdançalardaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler we mundan beýläk-de birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetini tassykladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlaryna özara gatnaşmak meselelerine seredildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.