31-nji martda Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda bank ulgamynyň gazanan üstünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri» atly sergi we tejribe duşuşygy geçirildi. Onuň maksady bank ulgamyndaky täze hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda bank ulgamynyň halk üçin sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän hyzmatlaryny görkezmekden ybarat boldy.

Serginiň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Myhmanlar duz-çörek bilen garşylandylar.
Çärä welaýatyň bank şahamçalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, welaýatda oba hojalyk ulgamynda ýokary netijelere eýe bolan kärendeçilerdir ýer eýeleri, ýurt we dünýä derejesinde ýokary netijelere mynasyp bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly öňe barýan ýurdumyzyň bank ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň esasy görkezijisi bolan bank ulgamyndaky ýetilen sepgitler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwletimizde bellenilen milli maksatnamalara laýyklykda, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri-de nagt pul dolanyşygyny azaldyp, nagt däl pul dolanyşygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak arkaly uly ösüşlere eýe bolýar.

Bu sergide ýurdumyzyň bank ulgamynda ýetilen sepgitler giňden açylyp görkezildi. Her bankyň aýry-aýry diwarlyklary gurnaldy. Onda banklar myhmanlary öz ilata edýän hyzmatlary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.
Şeýle hem serginiň çäklerinde milli gymmatlyklarymyz, döwlet banklary tarapyndan maliýeleşdirilmegi esasynda iri önümçilikleriň ýeten derejesine şaýatlyk edýän işler görkezildi.

Hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterli bolmagy banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýar. Duşuşykda ilata berilýän karzlaryň möhletiniň 3 ýyldan 5 ýyla çenli köpeldilendigi, göterim derejesiniň bolsa 12 göterimden 7 göterime çenli peseldilendigi bellenildi.
Bank ulgamynyň ykdysady ösüşlerine bagyşlanan bu çärede täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen, ýokary netijelere eýe bolan bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna, işgärlerine, kärendeçilere, olimpiadalarda üstün çykan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaraly çäräniň ahyrynda toý-sadakasy berildi. Onda ýurt abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly işlerine mundan beýläk-de rowaçlyklar dileg edildi.