Ï Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

view-icon 129
Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary hanym T.Ioseliani, «Gruziýanyň demir ýollary» PJ-niň, Gruziýanyň deňiz ulaglary administrasiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belläp, ulag we logistika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar.

Şu nukdaýnazardan, iki tarap hem «Hazar deňzi – Gara deňzi», «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri, şeýle-de «Ýaşyl port» ýaly taslamalary amala aşyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini, multimodal logistika çözgütlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegi, üstaşyr ýükleriň daşalmagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de demir ýol we deňiz gatnawlaryny amala aşyryjylaryň arasyndaky utgaşyklygyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenbaşy we Poti portlaryny «Gündogar-Günbatar» halkara ulag geçelgelerine integrirlemegiň geljegi uly bolan ugurlaryna seredildi.

Port terminallaryny dolandyrmakda tejribe alyşmaga, şeýle-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar sebitara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm bölegi boljak durnukly we döwrebap logistika zynjyryny döretmäge ymtylýandyklaryny tassykladylar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen wekiliýeti Poti we Anakli portlarynyň çäklerine aýlanyp gördüler hem-de ol ýerlerde portlaryň amaly mümkinçilikleri we infrastrukturalarynyň kuwwaty bilen tanyşdylar.