Ï Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär

view-icon 119
Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasy «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ikitaraplaýyn Ylalaşyk ylym we bilim ulgamynda özara baglanyşygy çuňlaşdyrmaga, innowasion gazanylanlary bilim işinde ulanmaga, şeýle-de medeni gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Ylalaşygyň çäklerinde taraplar bilim maksatnamasynyň ýokary hilini üpjün etmek, şeýle-de talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen akademik ykjamlygy durmuşa geçirmek maksady bilen okuw-usuly resminamalary alyşmak barada ylalaşdylar.

Resminamada düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de halkara ylmy maslahatlara, simpoziumlara we sergilere gatnaşmak göz öňüne tutulýar.

Şeýle-de taraplar iki ýokary okuw mekdebiň hem ýeten derejesini görkezýän ylmy neşirleriň we okuw gollanmalarynyň alyş-çalşygy, şeýle-de uzak aradan okatmak meýilnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşyga geldiler.

Gol çekilen Ylalaşyk ýene bir gezek iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowamly ösüşini, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygynyň we däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini nygtady.