Ï Günbatar sebitde gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

view-icon 308
Günbatar sebitde gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

Şu günler Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna degişli ýerlerde geljekki hasylyň düýbüni tutmak işlerini agrotehniki talaplar esasynda guramaçylykly amala aşyrýarlar. Ýokary işjeňlige beslenýän işlerde-de öňdebaryjy tehnologiýalara daýanylýar, şeýle-de gadymy ekerançylyk ýörelgeleri ösen häzirki zamanyň tejribeleri bilen utgaşdyrylýar.

Balkanly pagtaçylar geçen ýyllaryň dowamynda bol we ýokary hilli hasyly taýýarladylar. Kärendeçiler pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda zähmetsöýer ekerançylar mukaddes topraga Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerinde synagdan geçen, bol hasyl berýän tohumlaryny sepip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişini gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler. Jogapkärli möwsümde etraplaryň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary yhlasly işleýärler. Olar ekiş geçirilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak işlerini utgaşykly dowam etdirýärler.

Gowaça ekişinde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky kärhanalarynyň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da tapawutlanýarlar. Welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda çekilýän öndürijilikli zähmet oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ekiji tehnikalaryň, kuwwatly traktorlaryň uly toparynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar.

Möwsümde tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Düzüminde kebşirleýjiler, abatlaýjylar, mehanikler, degişli hünärmenler jemlenen bu iş toparlary işleriň sazlaşykly guralmagyna, bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Welaýatyň ekin meýdanlaryndaky işleriň häzirki depgini bereketli Balkan topragynda geljekki hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna güwä geçýär. Bu bolsa welaýatyň oba hojalykçylarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 13 müň gektar meýdandan 16 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak ugrundaky asylly maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy has-da pugtalandyrýar.