Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisi işini dowam etdirýär. Sergide iň täsirli we gatnaşyjylarynyň köplügi bilen tapawutlanýan ýerleriň biri hem özüni Türkmenistanyň ilkinji PR-agentligi hökmünde tanadan «Akenmar» kompaniýasynyň diwarlygy boldy.

Meýdançadaky işjeňlik, işewürlik bileleşigiň täze mahabat gurallaryna bolan ýokary islegi tassyklady. Myhmanlar bilermenler bilen gürrüňdeşlik geçirip, pikir alyşdylar we bilelikdäki taslamalardan özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar. Täze gatnaşyjylar hyzmatlaryň görnüşleri bilen gyzyklanyp, nähili ýagdaýda ýüz tutmalydygyny anyklamak üçin gelseler, kompaniýanyň birnäçe hyzmatdaşlary üstünlikli işine sag bolsun aýtmak üçin gelýärdiler.
Döwrebap iş gurşawynda PR-agentliginiň haryt nyşanynyň abraýyny we meşhurlygyny gazanmakda tutýan orny uludyr. Tiz satuwa gönükdirilen gönümel mahabatdan tapawutlylykda, «Akenmar» kompaniýasy durnukly ösüş üçin diňleýjiler bilen uzakmöhletleýin ynamly gatnaşyklary ýola goýýar. «Akenmar» kompaniýasynyň müdiri Kerim Jumaýew «Hyzmatdaşlyk we ösüş» sergisine gatnaşmagyň topar üçin özüni ýurtda ilkinji PR-kompaniýa hökmünde tanatmak üçin uly abraýdygyny we mümkinçilikdigini belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, agentligiň hyzmatlary takyk marketing konsepsiýalary we mazmuny bilen işlemek arkaly brendiň tanymallygyny ýokary derejede ýokarlandyrmak sungatyndan ybaratdyr.
Müşderileriň ýokary islegini göz öňüne tutmak bilen kompaniýa hususy PR-akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu bilim ugry işewürlik ulgamynda hünäri başarnyklary ösdürmege gönükdiriler. Aýlyk okuwlary degişli marketing strategiýalary öz içine alar.
Haryt nyşanynyň öňe gidişligi – kompaniýanyň esasy meselesiniň biridir. Agentlik köpçülik habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekmek, maýa goýum mümkinçiliklerini gözlemek, kompaniýany dolandyrmak we döwlet edaralary bilen ýyly gatnaşyklary ýola goýmak ýaly birnäçe ugurly ulgamlaýyn işleri öz içine alýar.
«Akenmar» kompaniýasynyň hünärmenleri haryt nyşanynyň abraýynyň doly dolandyryş tapgyryny üpjün edýär. PR-kommunikasiýasynyň ösmegi Türkmenistanyň döwrebap bazary üçin örän möhümdir. Hut hünäri PR-agentligi kompaniýalara diňe bir bazarlarda ýer almagy däl-de, eýsem, uzakmöhletli üstünligi we durnuklylygy üpjün edip, öz pikiriniň ýolbaşçysy bolmaga pursat döredýär.