Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy

view-icon 121

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, buýan köküniň ekstrakty, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 124 million 806 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagyny, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki kükürdi («Türkmengaz» döwlet konserni), bugdaý ununy, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulygyny, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.