Ï Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 102
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.