Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli wakalara baý günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan döredijilikli zähmetiňiziň, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen beýik işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge uly ýardam berýär, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň, dürli sport bäsleşikleriniň, welosipedli ýörişleriň guralmagy, şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler Siziň halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň aýdyň mysallarydyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy yglan edilip, Siziň tagallalaryňyz bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri hem-de saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bedew batly, okgunly ösüşler bilen barha öňe barýan berkarar Watanymyzda maşgala lukmançylygyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryňyzy has-da dabaralandyrýar.
Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Siziň tagallalaryňyz bilen beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar, ylmy-nazary başlangyçlar, lukmançylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegi ýurdumyzda halkyň saglygyny goramaga döwletiň iň gymmatly baýlygynyň goralmagy hökmünde garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Kararyňyz bilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy adamlaryň saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Häzirki günlerde paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini, Stomatologiýa merkezini, «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze binalar toplumyny ulanmaga bermek bilen bagly alnyp barylýan düýpli işler hem şu asylly maksatdan ugur alýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işlere we gazanylýan üstünliklere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar. Ýurdumyz olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu işleriň netijesinde ýeten belent sepgitleri üçin ýurdumyza halkara güwänamalaryň we şahadatnamalaryň ençemesiniň gowşurylmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sizi dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, başyňyz dik, mertebäňiz belent, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun! Parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Bitarap döwletimiziň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.