Ï Pariž şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni-sazly agşam geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pariž şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni-sazly agşam geçirildi

view-icon 156

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pariž şäherindäki «Théâtre de l’Opprimé» teatrynyň konsertler zalynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» hem-de Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni-sazly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çäräniň guramaçylary hökmünde «Destan» medeni birleşigi «Théâtre de l’Opprimé» teatry bilen hyzmatdaşlykda, Fransiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň goldaw bermeginde çykyş etdi. Çärä medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasyna gyzyklanma bildirýän Parižiň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Iki bölümden ybarat bolan döredijilik agşamy türkmen halkynyň baý sazçylyk däpleri bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem medeniýetleriň arasyndaky dialogy we özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirildi.

Çäräniň birinji bölüminde bagşyçylyk sungatynyň däp bolan repertuaryndan eserler ýerine ýetirildi. Epiki we liriki türkmen eserlerine esaslanýan sazlar dutar, gyjak, gargy tüýdük, dilli tüýdük we gopuz ýaly milli saz gurallarynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Ikinji bölüm milli saz gurallarynyň tanyşdyrylyşyna hem-de sazandalar bilen döredijilik dialogyna bagyşlandy. Myhmanlar türkmen medeniýetinde sazandanyň kemala geliş ýoluny öwrenmäge, şeýle hem gyzyklandyrýan soraglaryny bermäge mümkinçilik aldylar. Aýratyn üns sazçylyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilişine gönükdirildi, çünki wekiliýetiň agzalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr.

Çäräniň jemleýji bölüminde ýurduň medeni mirasynyň nusgalary – halylar, amaly-haşam sungatynyň önümleri we milli saz gurallary görkezilen sergi guraldy. Çäre dostlukly ýagdaýda geçip, medeni alyş-çalyşyň aýdyň nusgasyna öwrüldi hem-de halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň medeniýet ussatlarynyň sazly çykyşlary dowam edýär.