Ï Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 120

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan, hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistanda görnükli döwlet işgäri, parasatly syýasatçy we ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän ýakyn dosty hökmünde tanalýandygyny hem-de hormatlanylýandygyny aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Walentina Matwiýenkonyň halkara giňişliginde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdi boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň dünýäde parlamentara dialogy ösdürmekde, ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarynda zenanlaryň işjeňligini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda eýeleýän aýratyn orny bellenildi.

Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň goşandynyň möhüm ähmiýetini nygtady.