Ï Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin ders olimpiadalary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin ders olimpiadalary başlandy

view-icon 93

6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara bilim gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen we iňlis dilleri boýunça bäsleşikler Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 800-e golaý okuwçyny bir ýere jemledi.

Çäre «Ýaşlar – Watanyň daýanjy, ýaşlar – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsanjy!» diýen şygar astynda geçirilýär.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, okuwçylary hünäre ugrukdyrmaga ýardam bermekden, giriş synaglarynyň hünär ugurly dersleri boýunça olaryň taýýarlyk derejesini kesgitlemekden, şeýle hem okuwçylaryň intellektual ukyplaryny ösdürmekden, innowasion tehnologiýalary ökde ulanyp bilýän hem-de çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyply başarjaň ýaşlary terbiýelemekden ybaratdyr.

Birinji tapgyryň netijeleri ýakyn wagtda institutyň resmi saýtynda yglan ediler. Iň oňat netijeleri görkezen mekdep okuwçylary olimpiadanyň 27-nji aprelde geçiriljek ikinji, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar.

I, II we III orunlary eýelän okuwçylara, şeýle hem höweslendiriji orunlara eýe bolanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy institutda 8-nji maýda ýokary okuw mekdebiň geljekki dalaşgärleri üçin boljak Açyk gapylar gününiň çäklerinde geçiriler.