9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilýän III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän bu olimpiada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýaş zehinli matematiklerini bir ýere jemledi.
Şu ýyl bu giň gerimli halkara bäsleşigine Russiýadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Hytaýdan, Belarusdan, Türkiýeden, Eýrandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Türkmenistandan 200-e golaý okuwçy gatnaşýar. Wekiliýetleriň düzüminde şeýle hem mugallymlar we okuwçylary ugradýan beýleki wekiller bar.

Paýtagtymyzda myhmanlary garşylamak dabarasy türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik we hoşniýetlilik däplerine laýyklykda giňden ýaýbaňlandyryldy. Olimpiadanyň açylyşy we geçirilişi halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edildi.
Bäsleşikler şahsy görnüşde, bir tapgyrda we çylşyrymlylyk derejesi boýunça iki – A we B derejeleri boýunça geçirilýär.
A derejesi 20 ýaşa çenli gatnaşyjylar – mekdep okuwçylary hem-de orta mekdebi tamamlanyna bir ýyl dolmadyk we olimpiada geçirilýän pursadynda ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmadyk uçurymlar üçin niýetlenendir. B derejedäki bäsleşige bolsa 16 ýaşamadyk mekdep okuwçylary gatnaşýar.

Intellektual bäsleşikler Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň binasynda geçirilýär. Bäsleşigiň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Wekiliýetler üçin baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlandy. Bäsleşigiň birinji gününde gatnaşyjylar ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerlerine, şol sanda Bitaraplyk binasyna we Bitaraplyk muzeýine baryp gördüler.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän matematika dersi boýunça III halkara olimpiadasy 13-nji aprele çenli dowam eder.