Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 15 – 16-njy aprelde sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de instituta okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
Çäräniň dowamynda myhmanlar okuw işiniň guralyşy, ýokary okuw mekdebinde okadylýan hünärler we taýýarlyk ugurlary, institutynyň gazanan üstünlikleri, şeýle hem döwrebap enjamlar we ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilen okuw binalary, ýöriteleşdirilen otaglar we lingafon kabinetleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Geljekki dalaşgärler institutyň döredijilik we sport meýdançalaryna, şeýle hem talyp ýaşlaryň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp görerler.
Institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty baradaky doly maglumatlary ýokary okuw mekdebiniň resmi web-saýtyndan alyp bilersiňiz.