Ï Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 648
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekki 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýokar okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ähli dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» gününiň geçiriljekdigini yglan etdi.

Geljekki dalaşgärler bilen duşuşyklar Aşgabat şäherindäki uniwersitetde hem-de ýokary okuw mekdebiň Balkanabat şäherinde ýerleşýän şahamçasynda 22-nji aprelde we 6-njy maýda 15:00-da geçiriler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti orta we orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de instituta okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Uniwersitetiň wekilleri myhmanlary sapaklaryň geçirilişi, bilim-terbiýe we köpçülikleýin medeni çäreleri, sport sapaklarynyň guralyşy bilen tanyş ederler.

Dalaşgärlere ýokary okuw mekdepde ylym we bilimiň ösmegi, taýýarlygyň we hünär ugurlary bilen, şeýle-de gowy bilim almak we rahat ýaşaýyş üçin döredilýän şertler we alnyp barylýan işler barada maglumat berler.

Myhmanlar okuw otaglary, maglumat-tehnologik merkezleri, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen we dünýä ülňülerine gabat gelýän amaly dersleriň geçirilýän barlaghanalar bilen tanyş ediler.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 8-nji jaýy. Goşmaça soraglar üçin telefon belgileri 39-13-05, 39-13-18.

Şeýle-de dalaşgärler üçin gerekli ähli maglumatlary uniwersitetiň saýtyndan tapyp bilersiňiz.