Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diplomdan soňky taýýarlyk we hünär ýokarlandyryş bölüminiň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýew Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen halkara bäsleşigiň çäklerinde hormatly atlaryň ikisine – «GDA-nyň iň gowy mugallymy» hem-de «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen atlara mynasyp boldy.
«Bilim-orkenieti» Milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žana Kazakhstan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan halkara bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryna gatnaşyjylaryň arasynda zehinli mugallymlary we ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Halkara eminler ylym we bilim ulgamynda türkmen hünärmeniniň gazananlaryna we hyzmatlaryna, onuň okatmakda ulanýan häzirkizaman usullaryna, şeýle hem lukmançylyk nakyllaryny daşary ýurt dillerine terjime etmegiň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işine ýokary baha berdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça N. Myratdurdyýew I derejeli ýörite diplom, halkara güwänama we döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy.
Halkara gözden geçirilişiň çäklerinde gazanylan üstünlik taýýarlygyň ýokary derejesiniň, biziň ýaşlarymyzyň mümkinçiliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de türkmen alymlarynyň halkara ylmy giňişlikde eýeleýän orunlarynyň berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.