Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 110
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi.

Maslahatda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, migrasiýa babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme işleri geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyna gatnaşandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, şeýle hem desgany doly işe girizmek we geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.

Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak hem-de suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça degişli işler dowam edýär.

Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, welaýatlarda alnyp barylýan gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini hem dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça döwlet edara-guramalarynyň we dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär.

Sergä gatnaşyjy hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar hem-de internet hyzmatlary, elektron senagaty ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.

Türkmenistan tarapyndan işewürler forumyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljekki nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň –akyldarlaryň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow  çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki wagtda möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda, hususan-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary we beýleki awtoulag serişdeleri paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň hem ýokarlanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.