Ï Aşgabat türki dünýäsiniň opera sungatynyň merkezine öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat türki dünýäsiniň opera sungatynyň merkezine öwrüler

view-icon 209
Aşgabat türki dünýäsiniň opera sungatynyň merkezine öwrüler

Türkmenistan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldýär. Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda türki halklaryň baý mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň hatarynda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konserti esasy waka bolar. Milli nusgawy saz sungatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan ussadyň döredijiligi türki dünýäsiniň bitewi medeni giňişliginiň çäklerinde görkeziler.

Şeýle hem çäreleriň maksatnamasyna TÜRKSOÝ-yň Opera günleri girizilip, onuň dowamynda öňdebaryjy opera aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda hünär bäsleşigi geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy makullap, şeýle taslamalaryň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabatda geçiriljek medeni çärelere degişli derejede taýýarlyk görmegi we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.