Ï Türkmen teatr sungatynyň halkara üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen teatr sungatynyň halkara üstünligi

view-icon 75
Türkmen teatr sungatynyň halkara üstünligi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

2026-njy ýylyň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynda türkmen sahnasy uly üstünlik gazandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Ak at» spektakly nesilleri, ýurtlary we ynsan ykballaryny birleşdirýän hakyky ýatlama köprüsine öwrüldi.

Spektaklyň düýp özeninde meşhur aktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Baba Annanowyň şol bir at bilen ýazylan pýesasy ýatyr. Eserde awtoryň durmuşynda bolup geçen hakyky wakalar hem-de Aşgabat ýertitremesiniň pajygaly wakalary öz beýanyny tapýar. Ýanýoldaşyndan we oglundan jyda düşen Jemal eje ençeme ýyllap Daşkende äkidilen, soňra özbek zenany Nazira tarapyndan ogullyga alnan perzendini gözleýär. Ýyllar geçenden soň, enäniň öz perzendini tapmaga mukaddes dagdan agajyndan ýonulyp ýasalan kiçijik tumar – ak atyň şekili ýardam edýär.

Bu taryhyň aýratyn şahsy mazmuny hem bar. Çünki eseriň baş gahrymanynyň keşbiniň ilkinji nusgasy Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti Nazira Aliýewa bolup, ol hakyky durmuşda Baba Annanowyň halypasy we mugallymy bolupdyr. Režissýor Mekan Jumabaýew bu çuňňur şahsy ýatlamany sahna eserine aýawlylyk bilen geçirip, sahna hereketlerini ýatlamalar we täsirli çeperçilik öwüşginleri bilen baýlaşdyrypdyr.

– «Ak at» spektaklyny ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlap sahnalaşdyrdyk. Onuň ilkinji görkezilişi Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde boldy. Andijanda-da bizi örän mähirli garşyladylar. Spektakl kärdeşlerimize şeýle bir täsir etdi welin, režissýorlaryň biri hatda öz teatry üçin pýesany bizden sorady. Festiwala gatnaşmak örän peýdaly hünär tejribesidir. Biz diňe bir öz döredijiligimizi görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki teatrlaryň iş tejribesi bilen hem tanyşdyk – diýip, Mekan Jumabaýew gürrüň berdi.

Spektaklyň dartgynly duýgy-emosional mazmuny zehinli aktýorlaryň ýerine ýetirmeginde özboluşly açylyp görkezildi. Baş keşpleri Türkmenistanyň halk artistleri Gülälek Akmyradowa we Maýagül Annaýewa ýerine ýetirdiler. Ulalan ogly Alişeriň keşbini Begenç Garlyýew, onuň çagalyk döwründäki keşbini bolsa Emirhan Gurbanow janlandyrdy. Kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň sazlary spektaklda aýratyn çeperçilik döretdi. Sahna bezegini bolsa suratkeş-režissýor Güljemal Saparowa taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, tomaşaçylaryň arasynda hut şol Nazira Aliýewanyň gönüden-göni nesilleri hem bar eken. Sahna onuň agtygy, häzirki wagtda Özbegistanyň döwlet gurjak teatrynyň baş režissýory bolup zähmet çekýän, belli artist we halypa dramaturg Dinara Ýoldaşowa çykdy. Döredijilik toparynyň başlangyjy we ýürekden edilen söhbetdeşlik netijesinde taryhy duşuşyk boldy.

Dinara Ýoldaşowa ençeme ýyldan soň şeýle mähirli duşuşyga garaşmandygyny aýtdy. Ol çagalyk ýyllaryny ýatlady. Şonda türkmen talyplary olaryň öýüne myhmançylyga gelýär ekenler, kiçijik Dinara bolsa olara çaý demläp berýän eken.

– Elbetde, festiwalda bäsdeşlik örän güýçli boldy. Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy teatrlary öz sahna eserlerini görkezdiler. Şonuň üçin hem hemmeleriň ykrar etmegi has-da ýakymly boldy. Beýleki ýurtlardan gelen artistler hem öz duýgularyny gizläp bilmediler. Andijan teatrynyň aktýorlarynyň biri spektakldan soň gözleri ýaşly ýagdaýda ýanymyza gelip: «Biziň elimizden Alişeri almandygyňyz üçin sag boluň! Nazira bu aýralyga çydap bilmezdi... Siziň ene diliňizde ýerine ýetiren zatlaryňyz her bir ynsana sözsüz hem düşnüklidi diýdi.» – diýip, Maýagül Annaýewa belledi

Tomaşaçylaryň täsirini eminler topary hem paýlaşdy. Festiwalyň netijeleri boýunça türkmen teatrynyň «Ak at» spektakly «Parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk temasynda iň gowy spektakl» diýen ugur boýunça abraýly baýraga mynasyp boldy. Teatryň döredijilik toparyna Türki medeniýetiniň halkara guramasyna agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy we diplomy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Festiwalyň Gran-pri baýragynyň bolsa Sultan Ibraýimow adyndaky Oş milli akademiki drama teatrynyň «Ykbal aýdymy» spektaklyna berlendigini bellemek gerek. Sahna eseriniň giň gerimli epiki häsiýeti we sahnada 60-dan gowrak artistiň çykyş etmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Andijan şäherinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwaly teatr sungatynyň dürli halklaryň ýüreklerini birleşdirmäge we ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrmaga ukyply sungat bolmagynda galýandygyny subut etdi.