Ï Türkmen we italýan ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we italýan ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

view-icon 131
Türkmen we italýan ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Kýetidäki we Peskaradaky Gabriele d’Annunsio italýan uniwersiteti ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bagyşlanylan bilelikdäki onlaýn-maslahat geçirdiler.

Duşuşyk türkmen we italýan ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy hem-de professor-mugallymlar düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi.

Maslahatyň dowamynda taraplar ýokary hünär bilimi babatda özara gatnaşyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini we ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalaryny we taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Maslahatyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen G.d’Annunsio italýan uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Taraplaryň gol çeken resminamasy türkmen-italýan ynsanperwer gatnaşyklaryny hem-de iki ýurduň däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça geljekki tagallalary birleşdirmek üçin pugta esas goýdy.

Ylalaşygyň çäklerinde işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak hem-de mugallymlary we talyplary alyşmagy, okatmagyň usulyýetlerini kämilleşdirmek, iki ýokary okuw mekdebiň professorlarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin hünär ýokarlandyrmagyň okuwlaryny guramak babatda tejribe alyşmalary goşmak bilen ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki işler, şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, uniwersitetlerde geçirilýän halkara çärelere özara gatnaşmak göz öňünde tutulandyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini, hususan-da, türkmen ýokary okuw mekdebiniň Italiýanyň ýokary mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bilen işjeň hem-de ýola goýlan özara hereketlerini nygtadylar. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda bilim çäreleriniň yzygiderli guralýandygy bellenildi. Italýan dili mugallymlary we Magtymguly adyndaky TDU-nyň italýan dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary hünär ýokarlandyrmak, ýokary bilim, ylym hem-de okuwa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine her ýyl gidip gelýärler.

Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersiteti türkmen ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar hem-de Italiýanyň iň abraýly ýokary mekdepleriniň biridir. Halkara derejede ykrar edilen uniwersitet taryh, geologiýa, inženerçilik, binagärlik, lukmançylyk, psihologiýa ýaly ugurlarda dünýä ähmiýetli ylmy-barlag merkezi derejesine mynasyp eýedir. Kýeti-Peskara uniwersiteti tarapyndan Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri bilen bilelikde ynsanperwer ylymlary ugrunda – arheologiýa, medeni-miras we häzirki zaman taryhy boýunça geçirilýän giň gerimli ylmy-barlag işleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Ähmiýetli maslahatyň ahyrynda taraplar halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, bilelikdäki ylmy başlangyçlary we taslamalary öňe ilerletmäge, ýokary hünär bilimini innowasion taýdan ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi we tagallalaryň edilýändigi üçin iki ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.