Ï Ýurdumyzyň 2026 - 2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylary noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň 2026 - 2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylary noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar

view-icon 155
Ýurdumyzyň 2026 - 2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylary noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu baradaky çözgüt ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda yglan edildi.

Kompýuterleri satyn almak ýurdumyzyň önüm öndürijileri – «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasyndan hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinden amala aşyrylar.

Ähli noutbuklar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli ýurdumyzyň bilim edaralarynda gurnalmalydyr. Şertnamalar diňe bir tehnikalary getirmegi däl, eýsem, programma üpjünçiligini gurnamagy hem-de olara tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmagy hem göz öňünde tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat bermek baradaky asylly däp, bilimi sanlylaşdyrmak we ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin şertleri döretmek strategiýasynyň bir bölegidir.