Ï Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi

view-icon 109
Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy boldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan giň möçberli sport çäresi ýurduň dürli künjeginden müňlerçe adamy bir ýerde jemledi. Bäsleşik mekdep okuwçylaryny, talyplary, ministrlikleriň, müdirlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini öz içine aldy.

Ýaryşlaryň netijesi boýunça, her ugurda ýeňijiler kesgitlendi.

Umumy bilim berýän orta mekdepleriň arasynda sportuň 11 görnüşi boýunça geçen ýaryşda, Aşgabadyň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Orta hünär okuw mekdepleri 13 ugur boýunça bäsleşdi. Bu ýerde Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary ýeňiş gazandy.

Sport ýaryşlarynyň maksatnamasy iň köp ýaryşy öz içine alýan bolup çykdy, oňa gatnaşanlar, ýagny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Garaşylyşy ýaly, bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary bilen deňleşip bilen bolmady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň arasynda sportuň dokuz görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokarysyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri eýelediler.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn müdirlikleriň arasynda sekiz ugur boýunça geçirilen ýaryşlarda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň topary birinji orny eýeledi. Sportuň dokuz görnüşi boýunça sebitara ýaryşda bolsa ýene-de Aşgabadyň topary ýeňiş gazandy.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary, medallardyr kuboklar hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sport müdirlikleriniň ýolbaşçylary, tälimçiler, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dürli sport görnüşlerinde ýokary ussatlyk görkezen Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň türgenleriniň çykyşlary baýramçylyk dabarasyny has-da belende göterdi.

Indiki sport ýaryşlary şu ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, indiki ýylyň apreline çenli dowam eder.