Aşgabatda geçirilen iki duşuşyk bilen Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry tamamlandy.
«Nusaý» stadionynda «Arkadag» futbol topary milli birinjiligiň yzda barýan toparlarynyň biri – bäş tapgyrdan soň 1 utuk bilen 7-nji orunda barýan «Aşgabat» futbol toparyny kabul etdi.
Duşuşyk Türkmenistanyň hereket edýän üç gezek çempionynyň doly artykmaçlygynda geçdi we onuň 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.
Hasaby 44-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýew açdy. Ikinji ýarymda Resul Hojaýew (63-nji minut) we Rahman Myratberdiýew (69-njy minut) tapawutlanyp, toparynyň artykmaçlygyny berkitdiler. Duşuşyga E.Annamyradowyň (Balkanabat) ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat etdi. Bu ýeňiş «Arkadag» toparyna 18 utuk toplamaga we ýaryş tertibinde iň ýokary netije bilen öňdeligini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi.
Öňbaşçynyň iň ýakyn bäsdeşi «Altyn asyr» topary hem bu tapgyrda ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky öz meýdançasynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny kabul edip, 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşygyň 15-nji minudynda Abdyrahman Annamyradow ilkinji goly geçirdi. 74-nji minutda bolsa myhmanlaryň oýunçysy Toýly Batyrowyň öz derwezesine geçiren goly netijesinde «Altyn asyr» toparynyň artykmaçlygy artdy. Duşuşygy aşgabatly FIFA-nyň emini Resul Mämmedow dolandyrdy.
Alty tapgyryň netijeleri boýunça öňdäki üçlükde utuklaryň bäsdeşligi örän ýiti bolup galýar. «Arkadag» topary 18 utuk bilen birinji orny ynamly eýeleýän bolsa, ikinji orun ugrunda «Altyn asyr» (13 utuk) bilen «Ahal» (11 utuk) toparlarynyň arasynda ýiti bäsdeşlik dowam edýär.
Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 5 gol bilen (2-si jerime urgudan) Serdar Gulyýew («Şagadam») öňde barýar. Mekan Aşyrowyň («Altyn asyr»), Didar Durdyýewiň («Arkadag») we Süleýman Mirzoýewiň («Ahal») hersiniň hasabynda 4 gol (1 jerime urgudan) bar.
Milli birinjiligiň birinji aýlawyna jemleýji boljak 7-nji tapgyryň duşuşyklary 10-njy maýda geçiriler. Şol gün aşakdaky toparlar duşuşarlar: «Şagadam» – «Merw», «Nebitçi» – «Altyn asyr», «Aşgabat» – «Ahal» we «Köpetdag» – «Arkadag».