Ï Fransuz institutynda küşt duşuşyklarynyň täze möwsümi başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz institutynda küşt duşuşyklarynyň täze möwsümi başlanýar

view-icon 102
Fransuz institutynda küşt duşuşyklarynyň täze möwsümi başlanýar

Aşgabat şäherindäki Fransuz instituty Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde küşt klubynyň işiniň täzeden ýola goýulýandygyny yglan etdi. Intellektual sport görnüşine höwes bildirýänleri 2026 – 2027-nji okuw möwsümine goşulmaga çagyrýarlar.

Klubyň ilkinji duşuşygy 31-nji oktýabrda geçiriler. Ondan soňky okuw türgenleşikleri her hepdäniň şenbe güni sagat 18:30-da Fransuz institutynyň binasynda geçiriler. Kluba gatnaşmak mugt bolup, fransuz dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, kluba gatnaşmak üçin fransuz dilini bilmek hökmany şert däldir. Guramaçylar klubyň dürli derejedäki taýýarlygy bolan küşt höwesjeňleri üçin niýetlenendigini belleýärler.

Başlangyç derejedäki küştçüler üçin oýnuň düzgünlerini öwrenmäge, küşt oýnunyň esasy ýörelgelerine düşünmäge we tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ilkinji ädimlerini ynamly ätmäge mümkinçilik dörediler.

Tejribeli küştçüler bolsa dostlukly oýunlary oýnamaga, özara tejribe alyşmaga, şeýle hem yzygiderli türgenleşikleriň dowamynda başarnyklaryny kämilleşdirmäge we täze tilsimli usullary öwrenmäge mümkinçilik alarlar.

«Biziň maksadymyz küşt oýnuny has köp adam üçin elýeterli we gyzykly etmekden ybarat. Küşt hemmeler üçin niýetlenen oýundyr. Biz mümkin boldugyça köp adamyň bu oýun bilen gyzyklanmagyny isleýäris» diýip, Fransuz institutynyň wekilleri nygtadylar.

Guramaçylar ähli gyzyklanma bildirýänleri intellektual sportuň özboluşly dünýäsine aralaşmaga, täze pikirdeşleri tapmaga we küşt tagtasynyň başynda öz güýjüni synap görmäge çagyrýarlar.