Älemiň, wagtyň çäginiň bolmaýşy ýaly sungatyň hem çägi ýok. Yhlasly gözlegler, irginsiz zähmet entek ýörelmedik ýola, geçilmedik menzile ýetirýär. Biz bu pelsepä mysal hökmünde ynsan ruhuna ganat berýän sungatyň syrly goýnuna aralaşyp, kalplara nagyş çekýän ussatlaryň döredijilik dünýäsini görkezip bileris.
Aslynda, biz käteler suratkeş ýa-da nakgaş diýen adyň aňyrsynda duran ynsanyň döredýän şekilleriniň ýöne bir şekil däl-de çuňňur mazmunly eserdigine, gözelligiň sungata öwrülen keşbidigine ünsem bermeýäris. Ýogsam, bu eserler barlygyň görküni bakylyga öwrüp, seni geçmişiň sessiz-üýnsüz dünýäsine aýlap bilýän täsin pursatlardyr. Surat eserleri diýlende bolsa ilki bilen göz öňüňde dürli reňkleriň sazlaşygy janlanýar. Ýöne, bu sazlaşygy diňe bir gutulardaky dürli öwüşginli reňkler bilen däl-de, başga zatlaryň üsti bilen hem alyp bolmazmyka?! Ynha, bu sowalyň köpümizde döremezligi mümkin. Ýöne bu sowal Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň mugallymy Ahmet Hodžaýewi welin täze gözleglere gönükdirdi.

Ahmet Hodžaýew Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölümini tamamlap, 2010-njy ýylda Darganata etrabynyň çagalar sungat mekdebinde işe başlady, hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen ökdelerden öwrendi, yzygiderli okady, türkmen tebigatynyň, türkmen dünýäsiniň görküniň milli mirasymyza siňendigi, onuň aňyrsynda bolsa, zenanlarymyzyň zehin-yhlasynyň durandygy onuň ünsüni çekdi. Bu gözelligi döredýän bolsa, gelin-gyzlarymyzyň çeper elleri bilen dürli reňkli sapaklar. Şeýlelik bilen Ahmetde sapaklaryň üsti bilen keşpleri döredip bolmazmyka diýen pikir döredi. Irginsiz gözleglerden soňra ol ownujak çüýjagazlary ýukarak agaç esbabynyň ýüzüne kakyp, dürli reňkli sapaklar bilen şekil almaga synanyşýar, onuň yhlasy ýetrine düşýär. Ol ilki bilen hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň keşbini döretmäge synanyşýar. Onuň zähmeti yrýa bolmaýar, ak hem-de gara sapaklardan döredilen eser welaýat bäsleşiginde Hormat hatyna mynasyp bolýar. Çeken zähmetiňe ýokary baha berilmegi täze eserleriň üstünde has-da basa oturyp işlemäge ruhlandyrýar. A.Hodžaýew şekilleri reňkli sapaklaryň – esasan-da ýaşyl, gyzyl, gök reňkleriň üsti bilen döredip başlaýar. Onuň aýratynlygy bu reňkleri birleşdirip, başga reňkleri hem alyp bolýanlygynda. Ýaňy-ýakynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň ahalteke bedewi şekillendiriş sungatynda» ady bilen geçirilen welaýat bäsleşiginde Ahmediň döreden bedew atyň sapaklaryň üsti bilen emele getirilen surat eserine ýokary baha berilýär. Şeýle-de zehinli nakgaş Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde döwlet derejesinde geçirilen tutumly çärede guralan sergä gatnaşyp, oňa sapaklaryň kömegi bilen döreden bedewiniň şekilini hödürleýär. Bu eser sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Ahmet Hodžaýew geljekde reňkli sapaklar arkaly ýurdumyzyň gözel tebigatyny, belli şahsyýetleriň portretlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda bina edilýän ajaýyp binalardyr desgalaryň şekillerini döretmekligi, şeýle hem çagalar sungat mekdebiniň nakgaş mugallymy hökmünde bu usuly suratkeşlik hünärine göwün beren zehinli çagalara öwretmekligi maksat edinýär.

– Ahmet Hodžaýewiň döredijilikli zähmetine berilýän baha milli sungatymyza goýulýan sarpa diýip düşünýärin. Sebäbi, Ahmet mugallymyň täzeçilligi, yzygiderli gözlegde bolmaklygy, şol esasda döredýän surat eserleri, reňkli sapaklaryň üsti bilen emele getirýän şekilleri milli mirasymyzyň birnäçe görnüşini öz içine alýar. Ondan suratkeşligiň inçe syrlaryny öwrenýän zehinli çagalaryň etrap, welaýat bäsleşiklerinde, onlaýn arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklaryny belläp geçmek hem buýsançlydyr – diýip, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň direktory Öwezmyrat Berdiýew gürrüň berýär.
XVII asyrda Angliýada dokmaçylaryň reňkli sapaklardan peýdalanyp, jaýlary bezemeklerinden gözbaş alýan, soňlugyça «String art» ady bilen sungatyň bir görnüşine öwrülen bu ýoluň ýurdumyzda ilkinji gezek zehinli nakgaş Ahmet Hodžaýew tarapyndan işlenilip başlanmagy gutlanmaly ýagdaýdyr. Biz geljekde zähmetsöýer mugallyma netijeli gözlegler, döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.