Ï Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 3
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde iri çäreler geçirilýär. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen guralan atly sport we gözellik bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem munuň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Bu giň gerimli çäreler köpasyrlyk taryhyň dowamynda hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklarymyzyň dost-doganlygynyň häzirki döwürde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

8-nji maýda Daşkent şäherindäki “Yangi Toshkent Conference Hall” merkezinde “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewi ähli döwürde hem döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde ahalteke atlarynyň gözelligi zergärçilik, heýkeltaraşlyk we beýleki sungat eserlerinde möhüm orny eýeleýär. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar.

Bu maslahat milli gymmatlyklarymyzyň ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek üçin wajyp binýat bolup hyzmat edýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Ol diňe bir Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralaryndan däl, eýsem, beýleki ýurtlardan hem atşynaslary, seçgiçi alymlary, diplomatlary bir ýere jemledi. Foruma Özbegistanda bilim alýan türkmen ýaşlary we watandaşlarymyz hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, ýurdumyzyň Özbegistandaky ilçihanasynyň, dostlukly ýurduň Sport ministrliginiň ýolbaşçylary gutlag sözleri bilen çykyş edip, ýygnananlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bagyşlanyp, Daşkent şäherinde halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Munuň özi halklarymyzyň mizemez dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli üns-aladasy esasynda döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Munuň şeýledigine ýokary derejedäki özara saparlar, iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler, halkara sport ýaryşlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, taryhyň dowamynda atlar sebitiň halklarynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bedew halkyň kyn gününde wepaly ýoldaşy, şat gününde uçar ganaty hasaplanypdyr. Häzirki wagtda dünýäde ýüzlerçe at tohumy bolup, şolaryň arasynda ahalteke bedewi iň gadymylaryň biri hasaplanýar. Ylmy maglumatlara görä, beýleki tohumlaryň döremeginde hem ahalteke aty möhüm orny eýeläpdir. Türkmen halky gözelligi, ynsan gylyklylygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş bermek bilen, asyrlaryň dowamynda bu täsin tohumy yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny hem saklap gelipdir.

Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özboluşly medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin hem täze gözýetimleri açdy. Çykyşlarda Özbegistanda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, halkara maslahatyň ahalteke bedewiniň taryhy-medeni ähmiýetini wagyz etmek, atşynaslyk däplerini gorap saklamakda we kämilleşdirmekde täzeçil çemeleşmeleri öwrenmek, döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem gutlag sözi bilen çykyş edenler halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan şeýle çäreleriň geçirilmegi, olara gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

“Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda ahalteke atlarynyň geçen şöhratly ýoly barada gyzykly çykyşlar diňlenildi. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini, zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda yhlasyny we zähmetini siňdirip, dünýä medeniýetine gaýtalanmajak gymmatlygy bagyş edipdirler. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary behişdi bedewleriň dünýäniň medeni mirasynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Häzirki döwürde meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda — Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklara uzaýan baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda giň gerimli işler geçirilýär. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu maksatlara hyzmat edýär. Assosiasiýa dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, bilelikdäki täze taslamalary, işewürlik gatnaşyklaryny ilerletmäge, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar guralýar. Ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary, atly sport ýaryşlarynyň dürli görnüşleri geçirilýär. Şeýle-de bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşigi guralýar. Atçylyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Munuň özi Watanymyzyň atçylyk pudagyna ömrüni bagyşlan adamlaryň sarpasyny hemişe belentde tutýandygyny, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Maslahatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Özbegistan Respublikasyndan bolan agzalary çykyş etdiler. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlar hem bar. Olaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin saparlaryň dowamynda türkmen paýtagtynda we sebitlerinde döwrebap atçylyk toplumlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan ýaryşlaryň ýokary guramaçylygyny ýakyndan synlamak örän buýsandyryjydyr. Şeýle hem daşary ýurtly wekiller ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, tohum arassalygyny gorap saklamak, ony ylmy taýdan öwrenmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin durup geçdiler.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda görkezýän çykyşlary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar. Topar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Toparyň geçen ýylda we şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwallarynda we ondan ozalky ýyllarda dürli ýurtlarda geçirilen beýleki abraýly çempionatlarda gazanan halkara üstünlikleri, mynasyp bolan baýraklary milli atşynaslyk mekdebine we sirk sungatymyza tutuş dünýäde ýokary baha berilýändiginiň nyşanydyr.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda atçylyk pudagynda üstünlikli iş alyp barmak üçin Arkadag şäherinde döredilen mümkinçiliklere aýratyn ünsi çekdiler. Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenleriň täze nesli taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Olarda pudak üçin ýokary derejeli işgärleri, atçylyk sporty we syýahatçylyk, sirk sungaty we seçgiçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda ähli mümkinçilikler bar. Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýäde wagyz etmekden ybaratdyr. Şeýle-de Arkadag şäherinde ýaşaýjylaryň we şäheriň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hereket edýändigi aýdyldy.

“Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşan atçylyk pudagynyň hünärmenleri ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, tohum arassalygyny goramakda, iýmitlendirmekde ulanýan döwrebap usullary we iş tejribeleri barada hem giňişleýin gürrüň berdiler. Munuň özi çäräniň ylmy-amaly ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu täsin sungaty döwrebap derejede has-da ösdürmek we geljek nesillere ýetirmek babatda mundan beýläk hem gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Olar atşynaslyk pudagyna berýän ünsi, döredýän hemmetaraplaýyn şertleri, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary döwletleriň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslarynyň zähmetine hem ýokary baha berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.

***

Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet atçylyk we sirk sungaty edaralarynyň, ugurdaş okuw, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda dostlukly ýurduň wekilleri Daşkent şäherinde geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparyny kabul edýändiklerine örän şatdygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurduň çäginden daşynda hem uly gyzyklanma eýe boldy. Munuň özi taryhy mirasyna uly hormat goýýan halklarymyzyň arasynda atçylyk pudagynyň gazananlaryny öwrenmek, tejribe alyşmak, ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak boýunça işlere täze itergi berýär.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistanda mähirli kabul edilendikleri we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň şygary hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy işlenip düzüldi. Oňa laýyklykda, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Doganlyk Özbegistanda geçirilýän atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, halkara maslahatyň şol çäreleriň esasylarynyň biri hökmünde döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek iri halkara çärelere gatnaşmaga dostlukly döwletiň ugurdaş wekillerini uly hormat bilen çagyrdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmekde ýeten sepgitleri, döwrebap önümçilik, okuw we ylmy-barlag kuwwatlyklary daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanda hem uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistandaky atçylyk pudagyna, atly sporta we sirk sungatyna degişli häzirki zaman toplumlar hem-de desgalar hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşanyna öwrülen ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde tejribeleri alyşmagyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda bilelikdäki çäreleriň geljek ýyllarda hem yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.

***

9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Saýlama ahalteke atlarynyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. Atly sportuň yklym derejesindäki möhüm halkara çäresini synlamaga köp ýurtlardan atçylyk pudagynyň işgärleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlary ýygnandylar.

Bu ýerde türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni mirasyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Milli gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň sergisinde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän sungat eserlerine, zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir. At esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. Bu nepis işler gaýtalanmajak gözelligi bilen bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Dostlukly ýurduň ýaşlary ahalteke atlarynyň daşky keşbini döredijilik işlerinde täsirli şöhlelendiripdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap atçylyk toplumlary, köp sanly tomaşaçylary özünde jemleýän aýlawlar guruldy. Ahalteke atlarynyň gadymy mekany bolan Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki pudagyň hünärmenleriniň zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzda döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanda at çapyşyklary uly meşhurlyga eýedir. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän at çapyşyklarynyň goňşy we alysdaky döwletlerde-de uly gyzyklanma eýedigini bellemek gerek. Şu gezekki çapyşyklara tomaşa etmäge Özbegistanyň köp sanly ýaşaýjylary geldiler. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygyny, şolaryň arasynda Özbegistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň hem bardygyny bellemek gerek. Soňra at çapyşyklarynyň başlanýandygy yglan edildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň we Özbegistanyň Energetika ministrliginiň baýraklaryny almak ugrunda ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşykda “Uzbegim otlari” atçylyk hojalygynyň Pula diýen mele gysragy birinji bolup gelmegi başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gadymydag atly bedew pellehanadan ikinji, şol toplumyň Gazaply diýen bedewi bolsa üçünji bolup geçdi.

Dört we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Özbegistanyň Atçylyk hojalygyna degişli Muattor-hon diýen at pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at bolsa pellehanadan ikinji bolup geçdi.

Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada diýen aty pellehanadan ikinji bolup geçdi.

Halkara derejeli at çapyşygynyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy onuň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň ussat estrada aýdymçylary we dutarçy bagşy sazandalary behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdymlary joşgunly ýerine ýetirdiler. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine, ynsana mahsus gylyk-häsiýetine uly hormat goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählihalk söýgüsiniň we buýsanjynyň ýokarydygyny hem aýdyň görkezýär.

Türkmenistanda geçirilýän bäsleşiklerde bolşy ýaly, dostlukly ýurtda geçirilen şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport boýunça Aziýanyň açyk çempionaty hem-de onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Umuman, geçirilen at çapyşyklary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bedew batly ruhunyň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem toý-baýramlar, dostlukly çäreler bilen dünýäniň atçylyk we atly sport bilen gyzyklanýan adamlaryna ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyşlaýandygyny görkezdi. Dünýä döwletleri bilen özara hormata, ynama we dostluga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Uly şatlyk-şowhun bilen ýeňiji bolan çapyksuwarlara we seýislere kuboklar, Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. “Uzbegim otlari” atçylyk hojalygyna degişli bedewiň seýsi H.Hamitow we çapyksuwary Z.Kulmatow Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny — döwrebap ýeňil awtoulagyň açaryny uly buýsanç hem-de hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler.

Ajaýyp ýeňşi bilen behişdi türkmen bedewleriniň şöhratyny dowamata ataran Dowamat atly bedewiň ezber çapyksuwaryna we seýsine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kuboklar, Hormat hatlary gowşuryldy. Ezber çapyksuwar P.Orazow we Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradow halkara baýragy uly şatlyk bilen kabul etdiler.

Ýeňijiler iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, ugurdaş edaralaryň hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýakyndan ýardam edip, dost-doganlygyň berkidilmegine berýän ünsi üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Behişdi ahalteke atlarynyň “Aziýanyň çempiony” diýen belent ada mynasyp bolmagy iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm taryhy waka boldy. Munuň özi dost-doganlygyň ilçisi hökmünde ahalteke atlarynyň şöhratyna şan goşýar.

Halkara bäsleşik Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

***

Düýn Özbegistan Respublikasynda «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. 22-nji gezek geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi dünýäde atçylyk däplerini ösdürmekde, bedewleriň şöhratyny artdyrmakda, olary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplanan halkara tejribeleri kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Halkara gözellik bäsleşigi iki, üç, dört, altyýaşar we şondan uly atlaryň we gysraklaryň, birýaşar taýlaryň arasynda aýratynlykda geçirildi. Soňra syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler ýaş derejesi boýunça toparlaýyn çykaryldy.

Ilki bilen, ikiýaşar ahalteke bedewleri gözellik meýdançasyna çykaryldy.

Ahalteke bedewlerine gözelligi, ýyndamlygy we ynsan gylykly häsiýeti bilen ähli döwürlerde hem dünýäniň islendik künjeginde bahasyz gymmatlyk hökmünde aýratyn gadyr goýlupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler behişdi bedewiň okgunly badyna deňelýär. Şunda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýram edilýän şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Diýarymyzda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli beýleki çäreler bilen birlikde, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle bäsleşikleriň daşary döwletlerde hem geçirilmegi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň toý ruhuny has-da dabaralandyrýar.

...Eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi esasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen aty ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony hökmünde yglan edildi. Ýeňiji bolan türkmen bedewine uly ruhubelentlik bilen “Dünýäniň çempiony” we “Gündogaryň merjeni” diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy. Gadymygala we Fartuna diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli Meledagyň seýsi R.Dowadowa gözellik bäsleşiginiň çempionynyň kubogy, Hormat haty, gymmat bahaly sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Manoli-Hon, Täjigistandan gatnaşan Raýd atly bedewler ýeňiji bolmagy başardy. Üçýaşar atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Zamin-Hon diýen bedew ýeňiji bolmagy başardy. Baýrakly ikinji orna bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at, üçünji orna bolsa Özbegistandan Murod-Hon diýen at mynasyp boldy.

Dörtýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde B.Ibodullaýewiň hojalygyna degişli Melikuş-Hon atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji baýrakly orna A.Muhamedowyň hojalygyna degişli Sanat-Hon atly bedew mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Sahabatly diýen bedewi bolsa baýrakly üçünji orundan paýly boldy.

Alty we şondan uly ýaşar atlaryň gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Dünýäniň çempiony” diýen ada eýe boldy. Munuň özi ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginde ýurdumyzyň behişdi bedewleriniň mynasyp bolan sylaglarynyň üstüni ýetirdi. Dabaraly ýagdaýda Aýgytly atly bedewe “Gündogaryň merjeni” we “Dünýäniň çempiony” diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy. Ariý we Altynbaş diýen atlaryň nesli bolan bu bedew meşhur Skakyň ugruna degişlidir. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy Kakamyrat Agamyradowdyr. Bu bäsleşikde ikinji orna Özbegistandan Dias-Hon, üçünji baýrakly orna bolsa Gurman atly bedewler mynasyp boldy.

Bäsleşikde behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy dünýäniň ahalteke atşynaslygynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldylar. Synlaýyş meýdançasynda türkmen bedewleriniň tyllaýy reňki hemmeleri haýrana goýdy. Ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren bu täsin gymmatlygyna berilýän ýokary bahanyň nyşany boldy. Soňra gözellik boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň arasyndan absolýut çempiony saýlamak tapgyry geçirildi.

Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Gündogaryň merjeni” atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýsine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat haty gowşuryldy.

Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.

Baş baýraklary uly hormat bilen kabul eden seýisler gözelligi bilen dünýäni haýrana goýan bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, abadançylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar. Häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara pugta eýerýärler. Türkmenistan we Özbegistan sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýärler. Dost-doganlygyň nyşanyna öwrülen yklym we dünýä ähmiýetli bäsleşikler bolsa ýurtlarymyzyň medeni, sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Şunda parahatçylygyň özboluşly ilçileriniň — ahalteke atlarynyň aýratyn orunda bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.