Ï Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy

view-icon 50
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy

Müsüriň Ismailiýa şäherinde 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda 17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Didarbek Jumabaýew itekläp götermekde kümüş, agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça bolsa bürünç medal gazandy. «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy. Bu derejede 14 ýurtdan gelen 17 türgen güýç synanyşdy.

Didarbek alty synanyşygyň dördüsini üstünlikli ýerine ýetirdi. Silterläp götermekde ilkinji iki synanyşykda ol 144 we 148 kilogram göterdi. Üçünji synanyşykda bolsa 151 kilogram ştanga oňa boýun egmedi. Şeýlelikde, ilkinji görnüşden soň türkmen türgeni baýrakly üçlükden 3 kilogram yza galyp, altynjy orny eýeledi.

Iteklemekde hem, silterläp götermekdäki ýaly, türkmen türgeni ilkinji iki synanyşykda 182 we 187 kilogram üstünlikli göterdi. Üçünji synanyşykda 189 kilogram götermek başartmady. Netijede Didarbek Jumabaýew 335 kilogram netije bilen bürünç medal gazandy. Ol kümüş medalyň eýesi ermenistanly Narek Mkrtçýandan bary-ýogy 1 kilogram yza galdy – 336 kilogram (150 + 186). Üç altyn medalyň hemmesini – silterläp götermekde, iteklemekde we iki görnüşiň jeminde – müsürli Husseýn Abdelrahman Hamuda 341 kilogram (153 + 188) netije bilen gazandy.

Didarbek ilkinji gezek 20 ýaşa çenli uly ýaş toparyndaky dünýä çempionatynda medal gazandy. Geçen ýyl Peruwyň Lima şäherinde geçirilen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň dünýä birinjiliginde ol 81 kilograma çenli agram derejesinde wise-çempion bolup, silterläp götermekde, iteklemekde we iki görnüşiň jeminde üç kümüş medal gazanypdy – 305 kilogram (137 + 168).

Didarbek Jumabaýew agyr atletika bilen Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda meşgullanyp başlady. 8-nji synpdan başlap paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebinde bilim alyp, türgenleşip ugrady. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň ýetginjekler we erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni, agyr atletika boýunça sport ussady hem-de halkara derejeli emin Osmanguly Handurdyýew hem türkmen türgeniniň bu üstünligine guwanýandygyny aýtdy.

2026-njy ýylyň ýaşlar dünýä çempionatynda erkekleriň sekiz we zenanlaryň sekiz agram derejesinde 53 ýurtdan gelen 270-den gowrak agyr atletikaçy medal ugrunda bäsleşýär.

Türkmenistana bu dünýä birinjiliginde dokuz türgen – bäş gyz we dört oglan wekilçilik edýär.

Mundan ozal 53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa 187 kilogram (84 + 103) netije bilen 4-nji orny eýeledi. Ol bürünç medaly gazanan grek türgeni Mariýa Stratudakiden bary-ýogy 1 kilogram yza galdy – 188 kilogram (86 + 102). Şol derejede çykyş eden türkmen türgeni Şabnam Kerimbaýewa bolsa 181 kilogram (80 + 101) netije bilen 15 gatnaşyjynyň arasynda 8-nji orny eýeledi. 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa bolsa hiç bir synanyşygy üstünlikli ýerine ýetirip bilmedi.